Ýene 500 ýyldan, ýagny 2531-nji ýylda ýaponlaryň ählisi Sato diýen familiýany götererler. Alymlar matematiki modelirleme netijesinde şeýle netijä geldiler diýip, ýerli «Mainichi» gazetine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.
Kanuna görä, Ýaponiýada aýaly hökman adamsynyň familiýasyny almalydyr. Häzirki wagtda bolsa, ýurtda iň köp ýaýran familiýa Sato bolup, ony ilatyň 1,5 göterimi göterýär.
Hünärmenler ýene 500 ýyldan bu familiýa ähli beýleki familiýalary gysyp çykarar diýip çaklaýarlar. Eger kanunçylyga üýtgetme girizilip, aýallara gyz familiýasynda galmaga rugsat edilmese, ýaponlaryň ählisi Sato familiýaly bolar.
Netijede, olaryň ýa-ha atlaryny tutmaly, ýa-da belgilemeli bolar diýip, barlaglary geçiren Tohoku uniwersitetiniň professory Hirosi Ýesida aýdýar.