Türkmenistanda aprel aýynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy bolar. Bu barada 29-njy martda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Mämmedowanyň şu ýylyň aprel aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň Tertibi baradaky hasabatynda aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda bellenilýän baýramlar we şanly seneler bilen baglanyşykly şu ýylyň aprel aýynda geçiriljek esasy çäreleri giňden ýaýbaňlandyrmak üçin ähli zerur işleri alyp barmagyň möhümdigini belledi.
Döwlet Baştutany wise-premýere ulanmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Belläp geçsek, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda badalga berildi.
2021-nji ýylyň oktýabr aýynda awtobanyň Aşgabat — Tejen böleginiň gurluşygy tamamlandy. Ýoluň birinji tapgyry abraýly halkara guramalaryň degişli güwänamalarynyň birnäçesine mynasyp boldy.
2022-nji ýylyň fewral aýynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň gurluşygyna badalga berildi.