Türkmenistanyň milli howa gatnawçysy 2024-nji ýylyň täze tomus meýilnamasynda Aşgabat — Deli ugry boýunça ýolagçy gatnawlarynyň sanynyň köpelendigini habar berdi. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi web sahypasyndaky maglumatlara görä, Hindistanyň paýtagtyna hepdelik uçuşlaryň sany ikiden üçe çenli artar.
2024-nji ýylyň 31-nji martyndan 26-njy oktýabry aralygynda güýje girýän täze meýilnama laýyklykda, Aşgabatdan Delä uçuşlar T5-531 (uçur 01:45, gonuş 05:35), T5-533 (07:00 — 10:50), T5-537 (04:00 — 07:50) belgiler boýunça amala aşyrylar.
Uçarlar Deliden Aşgabat şäherine şeýle tertipde gaýdyp geler: T5-532 (06:55 — 10:35), T5-534 (12:20 — 16:00), T5-538 (09:20 — 13:00). Wagt ýerli howa menziliniň wagtyna esaslanýar.
Delä uçuş ýygylygynyň ýokarlanmagy Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky howa gatnawyna bolan islegi kanagatlandyrmak üçin niýetlenendir. Şeýle hem bu üstaşyr uçuşdan peýdalanýan ýolagçylar üçin aragatnaşygy gowulandyrar.