Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynda täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy

10:0428.03.2024
1
18203

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde gurlan täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy. Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde agzaçar sadakasyny berdi.

Bu çäräniň mübärek Oraza aýynda geçirilmeginde, şeýle hem Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralýan medeni-köpçülikleýin çäreler bilen utgaşmagynda çuňňur manynyň bardygyny, munuň türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden ýagşy dessurlarynyň dünýä nusgalyk ynsanperwer ýörelgeler bilen utgaşýandygynyň aýdyň beýanydygyny TDH teswirleýär.

Türkmen halkynyň Milli Liderini Türkmenistanyň müftüsi, Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşiniň agzalary, hormatly ýaşulular garşyladylar.

Halk Maslahatynyň Başlygy ýygnananlary ýurduň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalar bilen gutlap, täze metjidiň açylyşynyň halkara ähmiýetli çäreler bilen utgaşmagynda çuňňur manynyň bardygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, metjit toplumynyň düzümine sadaka bermek we beýleki däp-dessurlary geçirmek üçin ýörite bina hem-de ugurdaş desgalar girýär. Metjidiň özboluşly binagärlik çözgüde eýe bolan binasynyň gurluşygynda ýokary hilli gurluşyk we bezeg serişdeleri ulanyldy. Onuň ýanaşyk ýerleri göwnejaý derejede abadanlaşdyryldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurduň müftüsine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan täze metjidiň hyzmatlary üçin niýetlenen awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Müfti ulaglaryň açarlaryny aýratyn hormat hökmünde kabul edip, täze metjidiň işiniň degişli derejede ýola goýulmagy ugrunda edilýän alada üçin hoşallyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri soňra, ýygnananlar bilen bilelikde, täze metjidiň sadaka jaýyna bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze metjidiň açylyşy bilen baglylykda çykyş etdi.

“Goý, Gudraty Güýçli Allatagala ähli ýagşy arzuw-niýetleriňizi hasyl edip, il-ýurt bähbitli, haýyrly işleriňizde hemişe medet bersin!” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni jemledi.

Soňra Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykdy. Tebärek çykylandan soňra, sadaka gatnaşýanlara nahar çekildi. Mübärek Oraza aýynyň ýagşy dessurlarynyň biri bolan agzaçar sadakasyna gatnaşanlar milli aşhananyň dürli tagamlaryndan dadyp, ýurtda türkmen halkynyň döreden dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleriniň döwrebap derejede ösdürilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edýän Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Nahardan soň, Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň