Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahat geçirildi

09:4528.03.2024
0
10092

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň medeniýet öýünde 27-nji martda «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Ol Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralýan çäreleriň esasylarynyň biri boldy.

TDH-nyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty tarapyndan guralan wekilçilikli maslahata meşhur taryhçylar, arheologlar, etnograflar, Gündogary öwrenijiler, belli professorlar, ýaş alymlar, şeýle hem daşary ýurtlaryň, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Russiýa Federasiýasynyň, Pakistanyň, Germaniýanyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň muzeýleriniň wekilleri çagyryldy.

Daşary ýurtly köp sanly myhmanlar şu ýyl Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahatyň öň ýanynda guralan dabaralara gatnaşdylar hem-de açyk asmanyň astyndaky ýadygärliklere — gadymy Änew galasyna we gaýtalanmajak bezeg aýratynlyklary bilen tapawutlanýan, «Gözellik öýi» diýlip atlandyrylýan meşhur binagärlik toplumy bolan Seýit Jemaleddin metjidine baryp gördüler.

Maslahatyň geçirilýän ýeriniň girelgesiniň öňünde Änew medeniýetine bagyşlanan sergi guraldy.

Umumy mejlisiň çäklerinde ýygnananlar ady rowaýata öwrülen Rafael Pampelliniň çowlugy Luiza Pampelliniň ýatlamalaryny uly gyzyklanma bilen diňlediler. Bu alymyň zähmeti netijesinde Änew medeniýeti dünýäde meşhurlyga eýe boldy we ylmy adalgalaryň sözlügine hemişelik girdi. 1904-nji ýylda geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň barşynda üsti açylan täze açyş şol döwür üçin haýran galdyryjy waka öwrüldi. Arheologiýa ylmynyň ösüşine uly goşant goşan bu barlaglar häzirki günde-de adamzadyň taryhyny öwrenmekde uly ähmiýete eýedir.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Änew depeleri adamzat ýaşaýşynyň birnäçe gatlaklaryndan ybaratdyr. Olaryň her biri döwrüniň täsin aýratynlyklaryny özünde jemleýär. Änewiň ak bugdaýyň gadymy watanydygyny tassyklaýan bugdaý we arpa däneleriniň galyndylarynyň ýüze çykarylmagy haýran galdyryjy waka boldy. Bu açyş Merkezi Aziýanyň däneli ekinleriň ösdürilip ýetişdirilen dünýädäki ilkinji sebitleriniň biri bolandygyny öňe sürmäge şert döretdi. Şeýlelikde, Änew medeniýetiniň oturymly ekerançylyk bilen meşgullanan ilaty — gadymy türkmen halky adamzat taryhynda däneli ekinleri ýetişdiren we bugdaý unundan çörek taýýarlan ilkinji halklaryň biri bolupdyr.

Çykyşynyň ahyrynda Luiza Pampelli şöhratly taryhyna hem-de Rafael Pampelliniň we türkmen halkynyň baý medeni mirasyny öwrenmäge bimöçber goşant goşan beýleki meşhur alymlaryň ýagty ýadygärligine hormat bilen garaýandyklary üçin Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine, ähli türkmenistanlylara hoşallygyny beýan etdi.

Halkara türki akademiýasynyň ýolbaşçysy Şahin Mustafaýew, Türki medeniýetiň we mirasyň halkara gaznasynyň prezidenti Aktoty Raimkulowa, “Koreýa Respublikasy — Merkezi Aziýa” dostluk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Li Ok Rýon we beýlekiler myhmansöýer garşylanandyklary hem-de şu gezekki çäreleriň ýokary derejede guralandygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdiler.

Umumy mejlis tamamlanandan soňra, maslahatyň işi «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Änew medeniýetini öwrenmek hem-de dünýä wagyz etmek», «Änewiň gadymy we orta asyrlar medeniýeti» atly iki bölümde dowam etdi.

Maslahatda edilen ähli çykyşlar ýörite ýygyndyda çap edildi.

«Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar forumyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň