Serdar Berdimuhamedowa Halkara tennis federasiýasynyň güwänamasy gowşuryldy

06:4828.03.2024
0
7821

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halkara tennis federasiýasynyň prezidenti (HTF) Dewid Haggertini we Aziýanyň tennis federasiýasynyň prezidenti (ATF) Ýuriý Polskini kabul etdi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, myhmanlar döwlet Baştutanyna wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, HTF-niň we ATF-niň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
Jenap Dewid Haggerti Türkmenistanda sporty ösdürmek babatda uly üstünlikleriň gazanylandygyny belläp, Prezident Serdar Berdimuhamedowa Halkara tennis federasiýasynyň güwänamasyny gowşurdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow myhmanlary mähirli mübärekläp, HTF-niň güwänamasynyň gowşurylandygy üçin minnetdarlyk bildirdi we muňa Türkmenistanda tennisi ösdürmek hem-de wagyz etmek boýunça toplumlaýyn ulgamy döretmäge, uzak geljege gönükdirilen syýasatyň halkara derejede ykrar edilmegi hökmünde baha berýändigini belledi.

Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, HTF-niň we ATF-niň ýolbaşçylarynyň şu saparyna Türkmenistanyň tennis taryhynda möhüm waka hökmünde garalýar. Myhmanlaryň Aşgabatda bolýan wagtynda Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň wekilleri bilen duşuşmaga hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga, ýurduň tennis ulgamlary bilen tanyşmak üçin giň mümkinçilikler dörediler. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow saparyň netijeleriniň Halkara tennis federasiýasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge täze itergi berjekdigine we Türkmenistanda tennis sportuny wagyz etmäge goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistanda sportuň tennis görnüşi uly ösüşe eýe boldy, onuň bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany barha artýar. Türkmenistanyň Tennis federasiýasy 1993-nji ýyldan bäri Halkara tennis federasiýasynyň (HTF), 2001-nji ýyldan bäri bolsa Aziýanyň tennis federasiýasynyň (ATF) agzasy bolup durýar. Türkmen tälimçileri üçin okuw maslahatlaryny guramakda özara hyzmatdaşlyk edilýär. Halkara çagalar we ýetginjekler ýaryşlary geçirilýär. Bu bolsa zehinli türgenleri ýüze çykarmaga, olara bu ugurda ýörite ýaryşlara gatnaşmaga mümkinçilik berýär. Geçen ýyl Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň tennis toplumynda 12 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň toparlaýyn ýaryşynyň üstünlikli geçirilmegi muňa anyk mysaldyr.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň dünýäniň sport giňişliginde, hususan-da, Halkara tennis federasiýasynyň we Aziýanyň tennis federasiýasynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmegi maksat edinýändigini belledi. Şeýle-de ýurduň HTF-niň hem-de ATF-niň Türkmenistanda we bütin dünýäde tennis sportuny mundan beýläk-de ösdürmek baradaky başlangyçlaryny, tekliplerini goldamaga taýýardygy barada aýdyldy.

Döwlet Baştutany bular barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň sport üpjünçilik ulgamlaryny halkara tennis ýaryşlaryny, ýygnanyşyklaryny we ussatlyk sapaklaryny geçirmek üçin ulanmak mümkinçiligini öwrenmegi teklip etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň