Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga berildi

05:5127.03.2024
0
16218

Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda 26-njy martda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy boldy. Bu barada TDH ýazýar.

Dabaralara gatnaşmak üçin bu ýere Hökümet agzalary, Mejlisiň, Halk Maslahatynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri ýygnandylar.

Hormatly myhmanlaryň hatarynda «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahata, «Türkmen topragy — gadymy siwilizasiýalaryň merkezi» atly metbugat maslahatyna, «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň we onuň düzümine girýän Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Türki döwletleriň Parlament Assambleýasynyň, Türki medeniýetiň we mirasyň gaznasynyň, Halkara türki akademiýasynyň, TÜRKSOÝ-na agza hem-de synçy ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylarydyr ylmy wekiliýetleri bar.

Bu ýerde myhmanlar çykyşlar bilen garşylanyldy. Hatara düzülen ak öýleriň ýanynda gazanlar atarylyp, olarda türkmen aşhanasynyň milli tagamlary taýýarlanyldy. Her bir öýüň ýanynda gurnalan sekilerde zenanlar milli tagamlary, süýji nygmatlary taýýarladylar. Bu ýerde dabara gatnaşýan ýurtlaryň wekilleriniň sergi diwarlyklary hem ýaýbaňlandyryldy. Myhmanlara gadymy geçmişi we däp-dessurlary janlandyrýan sahna çykyşlary görkezildi. Bagşylaryň ýerine ýetirýän aýdymlary bu görnüşlere aýratyn öwüşgin çaýdy. Dabaranyň dowamynda çagalar milli oýunlary oýnadylar. Ýaş türgenler ýaglyga towsup, çalasynlygyny, ussatlygyny görkezdiler. Bir söz bilen aýdylanda, bu ýerde ähli däp-dessurlary we şatlygy özünde jemleýän hakyky oba durmuşy janlandyrylypdyr.

«Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada suratkeşleriň, şekillendiriş we amaly haşam sungatynyň ussatlarynyň, türki halklaryň fotosuratçylarynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Estrada aýdymçylarynyň çykyşlary tomaşaçylarda ýakymly duýgulary döretdi.

Medeni maksatnamanyň çäklerinde myhmanlar Seýit Jemaleddin metjidine, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherine, paýtagtymyzyň we Ahal welaýatynyň gözel ýerlerine baryp gördüler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň