Ýazky dynç alyş möwsüminde Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň sahnasynda aşgabatly oglan-gyzlar üçin günde iki tomaşa görkezilýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, sirkiň döredijilik topary çykyşlaryny yzygiderli täzeläp durýarlar. «Çarli Çaplin» ýa-da «Erkin atlar» ýaly köpleriň söýgüsini gazanan çykyşlary bolsa aýratyn bellemek gerek. Şeýle çykyşlar bilen artistler hemişe tomaşaçylaryň alkyşyna mynasyp bolýarlar.
Bu gezek masgarabaz oýunlary iň gowy tomaşa boldy. Gyzyl mata bilen gazaply öküziň gaharyny getirmäge milt eden Pena Myratdurdyýew öküziň garşydaşy toreodoryň keşbinde täze çykyşyny ýerine ýetirildi.
Simfonik estrada orkestriniň janly sazy Röwşen Meläýewiň çykyşyna öz oňyn goşandyny goşdy.
«Galkynyş» at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary ajaýyp çykyş etdiler. Nowruz baýramyna bagyşlanan sirk tomaşasyny tamamlan «Galkynyş» at üstündäki oýunlar toparynyň atlylary çakganlyk, çalasynlyk, batyrgaýlyk, gaýduwsyzlyk we tizlik görkezdiler.