Kambojanyň hökümeti köçelerdäki tanslara garşy göreşmegiň usulyny tapdy. Adamlar, esasan hem, ýaşlar ulaglaryň düýdüldileri astynda köçede tans etmegi ýoň edindiler diýip, «MIR 24» ýazýar.
Ýurduň Premýer-ministri Hun Manet degişli edaralara sosial ulgamlarda meşhur bolan ulaglaryň duýduryjylarynyň gohy astyndaky tanslaryň garşysyna göreşmegi tabşyrdy. Ol bu hereketleriň adamlar üçin howpludygyny, sebäbi köçelerde tertip-düzgüni bozýandygyny belledi. Premýer-ministr ene-atalara ýüzlenmesinde olary çagalary bilen terbiýeçilik işlerini geçirmäge çagyrdy diýip, ýerli «Khmer Times» neşiri ýazýar.