Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Nowruz baýramy mynasybetli iberen gutlagynda iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň geljekde-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynanýandygyny belleýär. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen gutlagda şeýle diýilýär:
«Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Sizi we Türkmenistanyň doganlyk halkyny halklarymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny özünde jemleýän Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Tebigata çäksiz söýginiň beýany bolan bu baýram adamlary ýakynlaşdyrýan beýik ruhy gymmatlykdyr. Nowruzyň gadymy ýörelgeleri bahar ruhubelentligini, tebigatyň köpöwüşginli janlanmagyny alamatlandyrmak bilen, biziň köpasyrlyk medeni mirasa hormat-sarpamyzyň beýanydyr.
Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalarymyzy geljekde-de üstünlikli dowam etdirjekdigimize ynanýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, meniň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagym mynasybetli iberen tüýs ýürekden gutlaglaryňyz, iň gowy arzuwlaryňyz üçin Size hoşallygymy beýan edýärin.
Şu nurana günlerde Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin».