Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Emomali Rahmon Nowruz baýramy mynasybetli Serdar Berdimuhamedowa gutlag iberdi

07:2820.03.2024
0
13800

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Nowruz baýramy mynasybetli Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen gutlagda şeýle diýilýär:

«Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Halkara Nowruz gününiň ýetip gelmegi mynasybetli Sizi we Siziň üstüňiz bilen Türkmenistanyň dostlukly halkyny uly şatlyk bilen gutlaýaryn. Ata-babalarymyzyň bu gadymy baýramy mynasybetli meniň iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Iň ajaýyp baýramlaryň biri bolan nurana Nowruzyň gadymy däp-dessurlary we baý ruhy ýörelgeleri müňýyllyklaryň dowamynda adamzadyň durmuş ýoluny nurlandyrýar, ynsan dünýäsini has-da gözelleşdirýär. Täze ýaşaýşyň başlanmagyny, tebigatyň janlanmagyny, hoşniýetli arzuwlaryň dabaralanmagyny, özara sabyrlylygy, düşünişmegi alamatlandyrýan bu bahar baýramynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň hem-de müdimi taglymlarynyň geljekde-de bizi galkynyşyň we döredijiligiň, parahatçylygyň, asudalygyň, özara hormat goýmagyň, ynanyşmagyň ýoly bilen öňe alyp gitjekdigine umyt edýärin.

Rysgal-bereketli Nowruzyň asylly ýörelgeleri esasynda bilelikdäki tagallalarymyz bilen ýurtlarymyzyň köpugurly özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň giňeldiljekdigine, geljekde-de strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde okgunly ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk we uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, durnuklylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw edýärin!».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň