Soňky habarlar

Arhiw

Ärdoganyň egindeşi ony syýasatdan gitmezlige çagyrdy

10:3718.03.2024
0
9924
Ärdoganyň egindeşi ony syýasatdan gitmezlige çagyrdy
Surat: rambler.ru

Türkiýäniň Milli hereket partiýasynyň öňbaşçysy Dewlet Bahçeli ýurduň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany Prezidentlik möhleti dolandan soň hem syýasatdan gitmezlige çagyrdy. Bu barada NTV teleýaýlymyna salgylanýan «Rambler.ru» ýazýar.

Bahçeli bu barada Milli hereket partiýasynyň düýn ýekşenbede geçen gurultaýynda eden çykyşynda aýtdy, ol öz partiýasynyň Ärdogany goldaýandygyny belledi.

«Siz gidip bilmezsiňiz, siz türk milletini taşlap bilmezsiňiz. Biziň sizi täze asyryň halasgäri hökmünde göresimiz gelýär» diýip, syýasatçy Prezidente ýüzlendi.

Mundan bir hepde öň Ärdogan 31-nji martda geçjek munisipal saýlawlaryň özi üçin «pellehana» boljakdygyny aýdypdy diýlip, habarda bellenýär.

Geçen ýyl Ärdogan saýlawlarda ýeňiş gazanyp, 5 ýyl möhlete Prezident saýlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň