Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Mähirli Zenan» gözelligiň muşdaklaryny TSSE-de geçýän sergidäki moda görkezilişine çagyrýar

10:0617.03.2024
0
18310

17-nji martda «Mähirli Zenan» modalar öýi «Nar» atlandyrylýan täze lybas kolleksiýasyny tanyşdyrar. Bu tanyşdyryş Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän köpugurly serginiň çäklerinde guralýar.

«Mähirli Zenanyň» täze kolleksiýasy kaşaň äheňde bolup, özünde milli däp-dessurlary jemleýär. Onda tebigy ýüpekden we mahmaldan tikilen köýnekler, el keşdesi bilen bezelen milli donlar hem-de ýaglyklar bar.

«Nar» — bu zenan dünýäsiniň we gözelliginiň waspydyr. Oýlanyşykly tikinçilik usulynyň we özboluşly aýratynlyklarynyň bolmagy «Mähirli Zenanyň» lybaslarynda her bir zenanyň özüne ynamly duýmagyna ýardam edýär.

Haýran galdyryjy lybaslaryň jemlenen moda görkezilişinden başga-da, «Mähirli Zenan» sizi sergide öz pawilionyna baryp görmäge çagyrýar. Bu ýerde türkmen däp-dessurlarynyň baýlygy we häzirki zaman tendensiýalary bir bitewi utgaşdyrylan özboluşly stillerde beýanyny tapýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň