Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabatda täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy geçirildi

18:3214.03.2024
0
11360

Türkmenabat şäherinde täze döwrebap ýaşaýyş jaýlary açylyp ulanylmaga berildi.

Welaýat merkeziniň Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrunda ýerleşýän, şäheriň ýaşaýjylaryna niýetlenen 2 sany 4 gatly her biri 18 öýli, 1-nji gaty dükanlardan ybarat ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny paýly gurluşyk esasynda «Nusaý ýollary» hususy kärhanasy bina edipdir.

Häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda gurlan täze ýaşaýyş jaýlarynyň öýleri meýdany 102,99 inedördül metrden ybarat 2 otagdan we meýdany 124,8 inedördül metre barabar bolan 3 otagdan ybarat bolup, olar gurluşygynyň ýokary hil derejesi, otaglarynyň ýerleşişiniň amatlylygy, giňligi bilen tapawutlanýar.

Täze jaýlar myhmanlara, çagalara we dynç almaklyga niýetlenen otaglardan hem-de häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen aşhanadan ybaratdyr hem-de öýlerde milli däp-dessurlarymyzyň berjaý edilmegi üçin ähli amatly şertler döredilipdir.

Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, ýaşuly nesliň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklary we dabara gatnaşýan myhmanlaryň, jaý toýlaryny toýlaýan maşgala agzalarynyň hoşallyk çykyşlary ýokary ruhubelentlige beslendi-diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň