Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Awstriýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrýar

10:4912.03.2024
0
11174

11-nji martda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Awstriýanyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Aleksandr Şallenberg bilen duşuşyk geçirdi-diýip, TDIM-niň resmi web sahypasynda habar berildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny, şol sanda syýasy-diplomatik ulgamyndaky özara gatnaşyklary, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, energetika, medeni alyş-çalyş maksatnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem sebitara we ählumumy meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşygyň netijesinde 2024-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we Halkara işler boýunça federal ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.

Wena şäherine saparynyň çäginde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow Awstriýanyň Daşary işler boýunça baş sekretary N.Marşik bilen hem duşuşyk geçirdi.

Diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ugrundaky taraplaryň tagallalaryny goldadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň