Soňky habarlar

Arhiw

Özbek Lideri Türkmenistanyň Prezidentini mübärek Oraza aýynyň ýetip gelmegi bilen gutlady

08:3611.03.2024
0
12507

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli gutlag haty gelip gowuşdy. "Watan" habarlar gepleşiginde beýan edilişi ýaly, özbek Lideri türkmen kärdeşine iberen hatynda şeýle belleýär:

"Size hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkyna mübärek Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Bu mukaddes aý taryhynyň, diliniň, dininiň, medeniýetiniň umumylygy bilen baglanyşan özbek hem-de türkmen halklarynda aýratyn ruhubelentlik duýgusyny döredýär.

Özbek we türkmen halklarynyň arasynda asyrlaryň dowamynda kemala gelen dostluk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň bilelikdäki tagallalarymyzyň hem-de syýasy erkimiziň netijesinde gün-günden pugtalandyrylýandygy guwandyryjydyr. Soňky ýyllarda ýokary derejedäki işjeň syýasy dialogymyzyň, gazanylan möhüm ylalaşyklaryň strategik hyzmatdaşlygymyzy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berjekdigine we doganlyk halklarymyzyň abadançylyk derejesini has-da ýokarlandyrmaga mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn.

Şu mübärek günlerde Beýik Allatagaladan Size we Siziň ýakynlaryňyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş dileýärin".

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň