Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda Türki döwletleriniň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň adatdan daşary Baş assambleýasynyň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Şeýle hem bu duşuşyga birleşigiň agza ýurtlaryň wekilleri hem gatnaşdylar.
6-njy martda bolan duşuşykda Türki döwletleriniň söwda-senagat edaralarynyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň hem-de işewür düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary ýokarlandyrmagyň we olary täze derejä çykarmagyň mümkinçilikleri barada gürrüň edildi. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ьetbugat gullugy habar berdi
Habarda bellenilişi ýaly, Türki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly halkara meýdança bolup hyzmat edýän Türki döwletleriniň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň häzirki wagtda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyz, Özbegistan we Türkiýe Respublikalary doly hukukly agzalarydyr. Türkmenistan, Wengriýa, Demirgazyk Kipr bolsa synçy agzalary bolup durýar.
Şol günki geçirilen duşuşykda onuň gün tertibine laýyklykda, birleşige öňden synçy hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyny Türki döwletleriniň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň doly hukukly agzalygyna kabul etmek baradaky teklip öňe sürüldi we bu teklibi duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisiniň biragyzdan goldandygy barada habar berildi.