Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

2 aýyň jemine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi

06:5507.03.2024
0
16944

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow şu gün --- 6-njy martda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, mejlisiň gün tertibine ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2024-nji ýylyň ilkinji 2 aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, ýurtda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Mejlisde, ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýurduň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, serkerdeleriň we olaryň maşgala agzalarynyň netijeli gulluk etmegi, göwnejaý ýaşamagy üçin şertleri döretmek boýunça görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Hasabatda döwlet Baştutanynyň harby ulgama döwrebap tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak babatda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hem aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda parahat we abadan durmuşyň ygtybarly kepili bolup çykyş edýän goranyş häsiýetli Harby doktrinany durmuşa geçirmegiň esasy meselelerine ünsi çekdi. Şeýle-de Ýaragly Güýçleri ýokary hilli döwrebap tehnikalar bilen üpjün etmek boýunça işleri dowam etdirmegiň, sanly ulgamy işjeň ulanmagyň hasabyna Goranmak ministrliginiň we onuň garamagyndaky düzümleriň işini kämilleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy.

Döwlet Baştutany ýaş harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça sapaklary, olaryň arasynda watançylyk ähmiýetli çäreleri yzygiderli guramagyň wajypdygyny belläp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ilkinji 2 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabatlary berdiler.

Hasabatlarda degişli düzümleriň işini kämilleşdirmek boýunça Maksatnamalaryň durmuşa geçirilişi, sanly ulgamy, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan çäreler, prokuror gözegçiliginiň täze usullarynyň ulanylyşy, harby gullukçylaryň, olaryň maşgala agzalarynyň netijeli gulluk etmegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin döredilýän şertler, ýurtda durnuklylygy we asudalygy üpjün etmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça görülýän anyk çäreler, Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren degişli tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, milli kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylan çäreler barada hem aýdyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Mejlisde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permana hem gol çekdi.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurduň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň amala aşyrylýandygyny belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtady.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň