Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi TSTB-niň sergide ýurduň gurluşyk pudagyna wekilçilik edýär

09:2706.03.2024
0
9487

Aşgabatda geçirilýän owgan harytlarynyň sergisiniň we Türkmen-owgan işewürlik maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi ýurduň gurluşyk pudagynyň gazananlaryny we mümkinçiliklerini görkezýär.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň garamagyndaky 27 kärhana ýurtda gurulýan desgalar we ykdysadyýetiň beýleki pudaklary üçin zerur bolan köp sanly senagat hem-de gurluşyk önümlerini: sement, magdan däl materiallary, metal we polimer önümleri, aýna we aýna önümlerini, keramzit, kaolin, gips, diwarlary örtmek üçin materiallary we başga-da dürli harytlary öndürýär.

Bu we beýleki senagat hem-de gurluşyk serişdelerine içerki bazarda we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýär.

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi sergä gatnaşmagy diňe bir önümleriň görkezilmegi bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda, şol sanda gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmekde möhüm ädimdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň