Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ýüplük dünýäsi» dükany Remezan aýy mynasybetli aksiýa geçirýär

15:1205.03.2024
0
23553

Mukaddes Remezan aýynyň gelmegi mynasybetli «Ýüpek dünýäsi» dükany aksiýa çäresini yglan edýär: 4 ýüplük satyn alana 1 ýüplük sowgat berilýär.

Bu ýörite teklip ýüplügiň diňe Himalaya loop, Rafia, Himalaya yumos, Moheir, Himalaya lana lux, Himalaya koala hem-de Alize country ýaly görnüşlerine degişlidir.

Örme işleri bilen meşgullanýanlar üçin «Ýüplük dünýäsinde» örän giň önüm görnüşleri bar. Bu ýerden iň ajaýyp döredijilik pikirlerini durmuşa geçirmek üçin islendik gerekli zatlary tapyp bilersiňiz: dürli hili ýüplükler, çişler, çeňňekler, ýumşak oýunjaklary dolduryjylar, markerler hem-de beýleki esbaplar.

Şeýle hem dükan «Alize» brendiniň ikitaraplaýyn ýüplügini hödürleýär. Onuň esasy artykmaçlygy we aýratynlygy gural ulanmazdan el bilen örülýänligidir. Bu ýüplükden hatda çagalar hem baş çykaryp biler.

Mundan başga-da, dükanda özboluşly örme önümlerini döretmäge ylhamlandyrýan dürli hili nagyşlar, žurnallar we kataloglar bar.

«Ýüplük dünýäsiniň» maslahatçy hünärmenleri müşderilere şu hili ýardam bererler:

- ýüplükleriň görnüşleri bilen tanyşmaga hem-de halan ýüplügiňizi saýlap almaga;

- saýlanan ýüplüge we islenilýän netijä esaslanyp, örme çişleriniň ýa-da çeňňekleriň ölçeglerini kesgitlemäge;

- sargyt edip, ony Aşgabadyň islendik ýerine eltip bermäge.

«Ýüplük dünýäsi» şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., Parahat — 7 ýaşaýyş toplumy, «Bereketli» söwda merkezi, 2-nji gat, 180-nji dükan. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 62) 39 85 79. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň