Russiýada Bütindünýä ýaşlar festiwaly dowam edýär, onuň işine ýurduň Prezidenti Wladimir Putin wideoaragatnaşyk arkaly badalga berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.
Bütindünýä ýaşlar festiwaly «Sirius» federal çäginde 1-7-nji mart aralygynda geçýär. Oňa dünýäniň 188 ýurdundan 20 müň ýaş liderler gatnaşýarlar.
Işewürlik, media, bilim, ylym, medeniýet, meýletinçilik, sport we beýleki köp ulgamlaryň wekilleri bu ýerde öz täze dostlaryny tapyp, bilelikdäki umumy geljegi gurap bilerler.
Dünýäde iň uly ýaşlar çäresi bolar diýlip garaşylýan festiwalyň açylyşy «Dünýä özgerýär, şonuň bilen birlikde men hem özgerýärin» diýen şowhun bilen utgaşdy. Oňa dünýäniň meşhur ýyldyzlary, şeýle-de dürli ýurtlardan ýaş artistler gatnaşdylar. Festiwalyň çäginde her gün dürli medeni çäreler, şol sanda buz şowhunlary, konsertler we beýlekiler guralar diýlip, habarda bellenýär.