Şu gün Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçihanasynda şu ýylyň 9-njy fewralyndaky Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň we 22-nji fewralyndaky Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, çärä Özbegistan Respublikasynyň Türkmen medeniýet merkeziniň başlygy, bu ýurduň türkmen diasporasynyň wekilleri we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdy.
Brifingde Türkmenistanyň ilçisi Ş.Meredow çärä gatnaşyjylary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdy mundan beýläk-de ösdürmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda, medeni-ynsanperwer ulgamlarda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bagly kesgitlenilen möhüm wezipeler barada giňişleýin tanyşdyrdy.
Şeýle hem brifingiň dowamynda «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň esasynda alnyp baryljak giň gerimli işler, amala aşyryljak özgertmeler, ilkinji nobatda, halkyň ýaşaýyş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendigi bellenildi diýlip, habarda aýdylýar.