Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly mekdep okuwçylary Kuala-Lumpurda geçirilen halkara bäsleşikde ýeňiş gazandylar

10:4627.02.2024
0
47400
Türkmenistanly mekdep okuwçylary Kuala-Lumpurda geçirilen halkara bäsleşikde ýeňiş gazandylar
Surat: turkmenmetbugat

18 — 25-nji fewral aralygynda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda iňlis dili dersi boýunça halkara bäsleşik geçirildi.

Dünýäniň 50 döwletinden müňden gowrak mekdep okuwçysynyň gatnaşmagynda kiçi, orta we uly ýaş toparlarynda 6 ugur boýunça geçirilen halkara bäsleşik çekeleşikli boldy. Oňa Türkmenistandan jemi 15 okuwçy gatnaşyp, 10 sany baş baýraga, 6 sany altyn medala, 5 sany kümüş medala, 11 sany bürünç medala mynasyp boldular. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň