Soňky habarlar

Arhiw

Birža söwdalarynda 16 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy

09:5826.02.2024
0
9859

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy. Bu barada TDH ýazýar.

Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Owganystanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagy satyn aldylar.

Şeýle hem, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň telekeçilerine nah ýüplük, buýan köki, dikeldilen süýüm we nah galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 16 million dollaryndan gowrak boldy.

Ýerli işewürler içerki bazar üçin jemi bahasy 33 million 596 müň manatdan gowrak bolan polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni), tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümleri, ýorgan-düşek daşlyklaryny, float aýnasyny, nah ýüplügi, el halylaryny satyn aldylar diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň