Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini gutlady

00:3326.02.2024
0
17211

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişal Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabaha Kuweýt Döwletiniň Milli güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň döwlet Baştutany, mümkinçilikden peýdalanyp, Emir Şeýh Mişal Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabaha tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Kuweýt Döwletiniň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň