Soňky habarlar

Arhiw

Beýik Britaniýada patyşa Karl III keşbi şekillendirilen täze pul çykarylar

09:2824.02.2024
0
23824
Beýik Britaniýada patyşa Karl III keşbi şekillendirilen täze pul çykarylar
Surat: rbc.ru

Şu ýylyň iýunyndan başlap, Beýik Britaniýada täze kagyz pul çykarylyp başlanar, Angliýanyň Bankynyň habaryna görä, onda Patyşa Karl III şekillendiriler diýip, «24KZ» ýazýar.

Patyşanyň portreti 5,10,20 we 50 funt sterling pullarda ýerleşdiriler. Pullaryň ilkinj tapgyry auksionda satylar, alnan serişdeler haýyr-sahawata bagyşlanar.

Şa zenan Ýelizaweta Ikinjiniň portreti ýerleşdirilen kagyz pullar hem dolanyşykda galdyrylar. Ýurtda Patyşa Karl III keşbi ýerleşdirilen şaýylyk pullar eýýäm dolanyşykda, olary mundan birnäçe aý öň zikkeläp başladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň