Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

26-njy martda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” – Änewde geçiriljek çärelere badalga berler

05:2824.02.2024
0
26161

Şu gün – 23-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli guraljak çärelere badalga bermek dabarasyny geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada hem hasabat berdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan Meýilnama laýyklykda, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 26-njy martynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasynda bu waka mynasybetli guraljak çärelere badalga bermek dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Dabaranyň çäklerinde türki halklaryň wekilleriniň gatnaşmagynda birnäçe çäreleri, konserti, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň hem-de fotosuratçylaryň eserleriniň sergisini, halkara ylmy maslahaty, şeýle hem TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň döwlet we milli muzeýleriniň ýolbaşçylarynyň maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda metbugat maslahatyny geçirmek hem meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Änew şäheriniň gadymy taryhynyň bardygyny nygtady.

Döwlet Baştutany wise-premýere Änewiň 2024-nji ýylda "Türki dünýäsiniň medeni paýtagty" diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek halkara çäreleriň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň