Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen halkynyň Milli Lideri Ýaponiýanyň Imperatoryna gutlag iberdi

06:5923.02.2024
0
17591

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito Onuň Alyjenabynyň doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri hatynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, mümkinçilikden peýdalanyp, Imperator Naruhito tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Ýaponiýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Belläp geçsek, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 22-nji aprelinde ýola goýuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň