Halkara zähmet guramasy bilen hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

10:0022.02.2024
0
20160
Halkara zähmet guramasy bilen hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Surat: mfa.gov

Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Baş direktorynyň kömekçisi, Sebitleýin direktory Beata Andresiň ýolbaşçylygynda HZG-niň wekiliýetiniň dowam edýän saparynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda bu halkara gurama bilen hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin pudagara «tegelek stol» duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, şeýle hem ýurduň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

«Tegelek stoluň» dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň dürli pudaklarynda mynasyp iş bilen üpjün etmek meselelerini çözmek boýunça pikirlerini we tekliplerini bilen paýlaşdylar hem-de özara ynanyşmak häsiýetli gepleşikler geçirildi. Hususan-da, Halkara zähmet guramasy bilen Türkmenistanyň hökümetiniň arasyndaky «2024-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Ýol kartasynyň» taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çäräniň ahyrynda taraplar Türkmenistanda mynasyp iş bilen üpjün etmek boýunça «tegelek stol» duşuşygynyň netijeleri boýunça minnetdarlyk we kanagatlanma bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň