Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

06:1622.02.2024
0
22913

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, duşuşykda Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan mähirli kabul edilendigi üçin Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirdi we BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň hem-de BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şunda özüni ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde görkezen doganlyk Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine BAE-de aýratyn ähmiýet berilýändigi hem nygtaldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow BAE-niň ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, iki ýurduň köpýyllyk hyzmatdaşlyk tejribesiniň hem-de uly mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy we munuň özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, diwersifikasiýalaşdyrmak, täze, anyk mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin berk binýat bolup durýandygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda okgunly ösüşe eýe bolan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Ýokary derejedäki gatnaşyklaryň türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýeti bellenildi. Şeýle hem geçen ýylyň dekabr aýynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (COP 28) gatnaşmak üçin BAE iş saparyny amala aşyrmagynyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň ýanwar aýynda bu ýurtda iş saparynda bolmagynyň döwletara dialogyň taryhynda möhüm wakalar bolandygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde, ynsanperwer ulgamyň türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidigi, ylym, bilim we medeniýet, şeýle hem sport ulgamlary boýunça özara hyzmatdaşlyk, bu ugurda bilelikdäki çäreleriň geçirilmeginiň iki halky ýakynlaşdyrmagyň, dostluk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şertidigi barada aýdyldy.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler netijeli döwletara gatnaşyklaryň geljekde hem umumy bähbidiň hatyrasyna işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdiler we birek-birege hem-de iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň