Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Zyýat Hil» konditer dükanlary Halkara zenanlar gününe sargytlary kabul edýär

10:3321.02.2024
0
29019

8-nji mart — bu senenamada gelýän adaty bir gün bolman, eýsem bahar paslynyň gadam basmagynyň, zenan kalbynyň näzikliginiň hem-de söýginiň, mähriň baýramydyr. Bu ýakyn adamlaryňa tüýs ýürekden çykýan mähir-muhabbetiňi, çuňňur sylag-sarpaňy äşgär etmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Aşgabatdaky «Zyýat Hil» konditer önümleriniň tory eýýäm häzirden Halkara zenanlar güni üçin sargytlary kabul edýär. Tejribeli konditerler süýjüligi bilen islendik adamyň göwnünden turjak şirin tagamly tortlary taýýarlap berýärler.

«Zyýat Hiliň» assortimentinde dürli hili huruşly we kremli tortlar bar: hozly, ir-iýmişli, miweli, sufleli, şeýle-de ýagly-syrly, gaýmakly, şokoladly hem-de kremli.

«Zyýat Hil» — islendik görnüşli baýramçylykdyr dabaralar üçin niýetlenen tortlary sargyt edip bolýan konditer dükanlar torudyr.

Ýatlatsak, «Zyýat Hil» dükanlaryndan 150 manatdan az bolmadyk möçberde söwda edilende, satyn alnan süýjülik Aşgabat şäheriniň islendik ýerine tölegsiz eltilip berilýär.

Tortlaryň, kökeleriň we beýleki süýjülikleriň görnüşleri bilen Aşgabatda ýerleşýän «Zyýat Hil» dükanlarynyň islendik birine baryp tanşyp bilersiňiz:

  • Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254-nji jaý, telefon belgileri: (+993 12) 35 37 13 hem-de (+993 62) 02 13 61;
  • Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefon belgileri: (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
  • Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3-nji jaý, 1-nji gat, telefon belgileri (+993 12) 97 95 06 (+993 62) 02 13 63.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Bu dükanlar torunyň Garadaşaýak ýaşaýyş toplumynyň «Seýran» söwda merkezinde ýerleşýän konditer dükanynda doglan güni ýekşenbe gününe düşýän her bir adam üçin tortlara 50% arzanladyşyň dowam edýändigini ýatladýarys.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň