Gyrgyzystanyň Prezidenti Žaparow Russiýa sapar bilen barar

09:5120.02.2024
0
19571
Gyrgyzystanyň Prezidenti Žaparow Russiýa sapar bilen barar
Surat:gazeta.ru

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow 20-21-nji fewralda Prezident Wladimir Putiniň çakylygy boýunça Russiýa barar. Bu barada Žaparowyň saýtyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.

Gyrgyz Prezidenti Kazanda geçjek «Geljegiň oýunlary» atly halkara kiçisport ýaryşlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşar. Çäräniň çäklerinde onuň Wladimir Putin we Tatarystan Respublikasynyň Başlygy Rustam Minnihanow bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary bolar.

Taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini, şol sanda söwda-ykdysady, medeni-gumanitar we maýa goýum ulgamlaryndaky gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşarlar diýlip, habarda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň