Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda sowuk howaly günler dowam eder

10:1219.02.2024
0
53067

Şu hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň käbir sebitlerinde gar gatyşykly ýagyş ýagar, howanyň sowuk bolmagyna garaşylýar. Bu Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen habarda şeýle bellenilýär:

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ahyrynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -10... -15 gradus sowukdan -2... +3 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +8... +13 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +2... +7 gradus maýyl bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ahyrynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -10... -15 gradus sowukdan -3... +2 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -4... +1 gradusdan +7... +12 gradus aralygynda maýyl bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -6... -11 gradus sowukdan -2... +3 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -2... +3 gradusdan +7... +12 gradus aralygynda maýyl bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -8... -13 gradusdan 0... -5 gradus aralygynda sowuk, gündizlerine -4... +1 gradusdan +6... +11 gradus aralygynda maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -10... -15 gradusdan -2... -7 gradus aralygynda sowuk, gündizlerine -1... -6 gradus sowukdan 0... +5 gradus aralygynda maýyl bolar.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 10 — 12 metrden 13 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -8... -10 gradus sowukdan -1... +1 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -1... -3 gradus sowukdan +7... +9 gradus aralygynda maýyl bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň