Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Solaris» restorany: durmuşyňyzda täze gastronomik täsirleri açyň

09:4213.02.2024
0
23466

«Solaris» restorany aşgabatlylary hem-de paýtagtyň myhmanlaryny gastronomiki gözýetimlerini giňeltmäge we tagam dünýäsiniň täze eserleri bilen tanyşmaga çagyrýar.

Bu ýere gelýänlere ýakynlary bilen bilelikde dynç alyp, datly naharlaryň lezzetini duýmak üçin rahat we göwnüňi göteriji gurşaw garaşýar. Restoranyň baý menýusy hiç hili gurmany biperwaý goýmaz. Bu ýerde türk, gruzin, aziýa, ýewropa, slawýan hem-de türkmen aşhanasynyň iň gowy tagamlary hödürlenýär.

Restoranyň tejribeli aşpezleri her bir tagama özleriniň baý tejribesini we ussatlygyny siňdirip, olary mähir bilen taýýarlaýarlar.

«Solaris» maşgala agşamlyklary, dostlar bilen duşuşyklar, işewürlik söhbetdeşlikleri we uly dabaralar üçin örän göwnejaýdyr. Restorana umumylykda — 200 adam ýerleşýär.

Ýylyň yssy möwsüminde bu ýere gelýän myhmanlar eýwanda naharlanyp lezzet alyp bilerler. Körpejeler üçin bolsa bu ýerde ýörite niýetlenen oýun meýdançasy bar.

Mundan başga-da, her anna we şenbe günleri maşgala bolup dynç alýan myhmanlara ýatdan çykmajak täsirleri bagyş etjek gyzykly tomaşa maksatnamasy garaşýar.

Şeýle-de «Solaris» siziň öz halaýan datly tagamlaryňyzdan öýde ýa-da ofisde hem lezzet almagyňyz üçin eltip bermek hyzmatyny ýetirýär.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: Arçabil köçesi, «Senagatçy» myhmanhanasy;
  • telefon belgileri: (+993 12) 48 99 90, (+993 12) 48 99 91, (+993 12) 48 99 92;
  • sosial media ulgamdaky sahypasy.

Bellik: bu habar aksiýa boýunça ýerleşdirildi: «Sarayan» fabrigine iş geýimlerini tikmek üçin sargyt edip, «Turkmenportal» web saýtynda mahabat etdirmäge mümkinçilik alyň.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň