Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we ýurduň ähli dostlukly halkyna Bahar baýramynyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
— Bu ajaýyp baýram täze ýylyň buşlukçysy bolmak bilen, häzirki zaman jemgyýetinde özara düşünişmegi pugtalandyrmakda we sazlaşygy emele getirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň halklaryny çuň taryhy gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Men Siziň bilen geçen ýylyň noýabrynda «Bir guşak, bir ýol» üçünji forumynyň çäklerinde Pekin şäherinde geçirilen duşuşygymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda biz döwletara gatnaşyklarymyzyň üýtgewsiz dostlukly we strategik häsiýetine ýokary baha berdik — diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri gutlag hatynda belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, mümkinçilikden peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işinde täze üstünlikleri, Hytaýyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.