Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzysantyň ilçisi: «Türkmenistanyň ynsanperwelik kömegi Gyrgyzystana ilkinji bolup ýetirildi»

22:5907.02.2024
0
21042

Gyrgyzystanyň ilçisi Azizbek Madmarow Aşgabatda geçirilen brifingde Bişkekdäki Ýylylyk elektrik stansiýasynda dörän adatdan daşary ýagdaý sebäpli dostluk kömegini iberen Türkmenistanyň Prezidentine, şeýle-de bu kömegiň dessine ýetirilmegini üpjün eden «Türkmengaz» DK-niň, demir ýol we beýleki gulluklaryň işgärlerine minnetdarlyk bildirdi.

Gyrgyzystanyň energiýa pudagynda ýüze çykan meseläniň çynlakaýlygyna esaslanyp, Türkmenistanyň Prezidenti dostlukly kömek hökmünde 2 müň tonna suwuklandyrylan tebigy gazy mugt ibermek barada tabşyryk berdi.

«Pursatdan peýdalanyp, öz adymdan we ähli gyrgyzystanlylaryň adyndan şeýle kyn pursatda halkymyza ýardam goluny uzadan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Ynsanperwerlik kömegi örän tiz wagtda, iň esasysy bolsa, öz wagtynda Bişkege ýetirildi. Türkmenistanyň ynsanperwerlik kömegi biziň ýurdumyza ilkinji bolup geldi. Ol eýýäm niýetlenen maksat üçin ulanylýar. Bu goldaw biziň üçin örän gymmatly, sebäbi ol hut zerur wagtynda berildi» diýip, ilçi Madramow belledi.

Mundan başga-da, Gyrgyzystanyň ilçisi Aşgabatda Çingiz Aýtmatowyň ýädygärliginiň gurulmagy, iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk we medeni-ynsanperwer gatnaşyklar bilen bagly sowallara hem jogap berdi. Olar bilen saýtymyzyň rus bölüminde giňişleýin tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň