Sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisiniň barşynda ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak, olaryň baş sanyny köpeltmek, türkmeniň behişdi bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak ugrunda alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy. Bu barada TDH ýazýar.
Wise-premýer T.Atahallyýewiň hasabatynda bellenilişi ýaly, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Arkadag şäherinde bina edilen Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň barlaghanasynda ahalteke atlarynyň arassa ganlylygyny gorap saklamak maksady bilen, atlaryň genetiki seljerme işleri geçirilýär. Bedewleriň ösüşini we reňk aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek bilen bagly ylmy-barlag işleri amala aşyrylýar. Ýurduň atçylyk hojalyklarynda şu ýylda doglan ýaş taýlary tohumçylyk hasabyna almak, olara ýörite şahadatnamalary bermek boýunça degişli işler dowam edýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak maksady bilen, genetiki barlaglary geçirmegiň wajypdygyny belledi.
Döwlet Baştutany Arkadag şäherinde açylyp ulanmaga berlen Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň hem ahalteke atlarynyň arassa ganlylygyny gorap saklamaga, atlaryň genetiki seljerme işlerini geçirmäge gowy mümkinçilik berýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, arassa ganlylygyny gorap saklamak, reňk aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek işlerini yzygiderli alyp barmagy tabşyrdy.