Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegini dowam edýär

07:0603.02.2024
0
24893

Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň ýurt boýunça Maksatnamasynyň” çäklerinde ykdysady ulgamda geçirilen işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan “Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň binýady, 3-nji tapgyr” atly taslamanyň gutarnykly görnüşine gol çekmek üçin teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň birinji we ikinji tapgyrlarynda ýerine ýetirmek babatda kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, 2019 — 2023-nji ýyllarda alnyp barlan işler barada maglumat berildi.

Agzalan resminama laýyklykda, 2024-2025-nji ýyllarda taslamanyň üçünji tapgyrynda Durnukly ösüş maksatlaryny ýurtda durmuşa geçirmekde, hasabatlylygy alyp barmakda we gözegçilik etmekde, maliýe esaslaryny berkitmek ulgamynda halkara tejribäni öwrenmekde bilelikdäki işleri guramak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna girmegi meselesi boýunça milli mümkinçiligi ýokarlandyrmak babatda çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biriniň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekden ybaratdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygy alyp barýandygy bellenildi. Hususan-da, «Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň binýady» atly taslamany durmuşa geçirmekde BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde alnyp barylýan işlere aýratyn üns çekildi.

Döwlet Baştutany häzirki wagtda agzalan taslamanyň birinji we ikinji tapgyrlarynyň üstünlikli ýerine ýetirilendigini kanagatlanma bilen belläp, «Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň binýady» atly taslamanyň üçünji tapgyryny 2024-2025-nji ýyllarda amala aşyrmak boýunça teklibi goldady we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň