Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Onuň dowamynda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy diýlip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, 1-nji fewralda bolan söhbetdeşlikde taraplar iň ýokary döwlet derejesinde gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň gidişini ara alyp maslahatlaşdylar we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady ugurlarda özara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollaryna seredip geçdiler.
Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistan bilen Türkiýäniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli aragatnaşyk saklamagy ylalaşdylar diýlip, habarda bellenilýär