Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

04:5930.01.2024
0
26192

Şu gün — 29-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, iş maslahatynyň barşynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.

Häkimler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabatlary berdiler.

Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek ýerler ekişe taýýarlanylýar. Hususan-da, olarda sürüm, tekizleme, geriş çekmek ýaly işler geçirilýär. Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär.

Häkimler welaýatlarda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini, tohumlaryny we degişli tehnikalary ekiş möwsümine doly taýýarlamak, suw serişdelerini tygşytly we netijeli ulanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny kadaly saklamak, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak bilen bagly geçirilýän işler barada-da hasabat berdiler.

Hasabatlarda welaýatlaryň medeni-durmuş maksatly binalarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek bilen bagly alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany häkimlere bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň we gowaça ekiljek ýerlerde alnyp barylýan işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, gowaçanyň we gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine ýokary derejede taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Şeýle-de häkimlere pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamak, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerleriniň we tohumlarynyň ekiş möwsümine doly taýýar edilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bellenilen agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň esasy wezipe bolup durýandygyny belledi.

Döwlet Baştutany wise-premýere bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleriň, ekiş üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň, oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň ýazky ekiş möwsümine taýýar edilmegini, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalarda şu ýyl üçin göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we bu ugurda ýerine ýetirilmeli işler barada birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutany şeýle-de welaýatlardaky medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň