Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň durky täzeleniler

04:3327.01.2024
0
32762

Aşgabadyň N.Andalyp köçesiniň ugrunda ýerleşýän «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň durky täzeleniler. «Watan» habarlar gep­leşiginde habar berlişi ýaly, şu gün – 26-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow ýurduň paýtagt şäherini abadanlaşdyrmak babatda alnyp barylýan işler, hususan-da, agzalan seýilgähiň durkuny täzelemek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň tutýan umumy meýdany 50 gektara barabardyr. Durkuny täzelemek işleriniň çäklerinde, bu ýerde ýerüsti pyýada geçelgeleriniň ikisini, welosiped ýodalaryny, dynç alyş bassyrmalaryny, suw howuzlaryny, bassyrmaly awtoduralgalary gurmak hem-de döwrebap yşyklandyryş sütünlerini ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem seýilgähiň çäginde ýaşyl zolaklary döretmek we abadanlaşdyrmak işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabat şäheriniň binagärlik keşbiniň has-da gözelleşýändigini belledi. Paýtagt şäherde ýaşamak, işlemek we dynç almak üçin nusgalyk işleriň durmuşa geçirilýändigi aýdyldy.

Döwlet Baştutany Aşgabat şäherindäki «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähini döwrebap ýagdaýa getirmegiň, bu bagy-bossanly seýilgähde paýtagtyň ýaşaýjylary üçin ähli şertleriň döredilmeginiň möhümdigini belläp, onuň şäheriň binagärlik keşbine laýyk gelmelidigini belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bu ugurdaky işleri dowam etmegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň