Türkmenistana saparynyň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan-Rezawi welaýatynyň resmi wekiliýet agzalary Mary welaýatyna baryp gördüler.
23-24-nji ýanwarda bolup geçen bu sapar "Gadymy Merw" taryhy-medeni döwlet goraghanasyna gezelenç bilen başlandy diýip, HHM habar berýär.
Soňra myhmanlar üçin Mary şäherine gezelenç guraldy. Olar bu şäherdäki Gurbanguly hajy metjidine hem baryp gördüler.
Saparyň çäklerinde Mary welaýat häkimliginde iki döwletiň degişli welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.
Soňra iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda hyzmatdaşlyk boýunça mejlis guraldy. Onuň barşynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi babatda işjeň pikir alşyldy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan-Rezawi welaýatyndan gelen wekiliýet agzalary Türkmenistanyň Mary welaýatynyň telekeçileri tarapyndan öndürilen dürli önümleriň sergisi bilen hem tanyşdylar.
Goňşy ýurduň wekilleri Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna, şeýle-de Mary welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine hem baryp gördüler.