Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Biotehnolog: gap-gaç ýuwulýan gubkalar — saglyga zyýanly bakteriýalaryň üýşýän ýeri

10:5224.01.2024
0
21368

Gap-gaç ýuwmak üçin niýetlenen köpükli gubkalar — mikroblaryň ösmegi üçin amatly gurşaw bolup durýar. Olarda bir hepdäniň içinde hajathana oturgyjyna garanyňda 200 müň esse köp mikroorganizm peýda bolup biler. Bu barada Russiýanyň tehnologiýa uniwersitetiniň biotehnologiýa we senagat dermanhanasy kafedrasynyň uly mugallymy Mariýa Zolotarewa Gazeta.ru web saýtyna habar berdi.

Hünärmeniň pikiriçe, geçirilen synaglardan görnüşi ýaly, üç günüň dowamynda gubkada enterobakteriýalar, koliforma bakteriýalary, stafilokokklar, drožlar we galyndylar ýaly mikroblaryň bitewi toplumy jemlenip bilýär.

Aýratyn hem, enterobakteriýaklar maşgalasyna degişli bolan patogen bakteriýalaryň bir görnüşi bolan Klebsiella howpludyr.

«Klebsiella adamlarda, köplenç dem alyş ýollarynyň kesellerine (rinoskleroma, bronhit, pnewmoniýa, öýken absesi) sebäp bolýar. Şeýle hem, gabaklaryň we jyns agzalarynyň gyjyndyrmalaryna, beýin örtügine, bogunlara zeper ýetirip, peritonitiň, sepsisiň, ulularda we çagalarda ýiti içege ýokançlygynyň döremegine we operasiýadan soňky kynçylyklara sebäp bolup biler. Klebsiella diňe bir ýüze çykaryp biljek aýratyn keselleri bilen däl-de, eýsem antibiotiklere garşy durnuklylygy ösdürmek üçinem howply» – diýip, Gazeta.ru biotehnologyň sözlerini getirýär.

Saglyk müşgillikleriniň öňüni almak üçin köpük gubkany her hepde çalyşmalydyr. Dürli ýerler we jisimler üçinem olary aýratynlykda ulanmak möhümdir. Bu arassaçylykda iň netijeli usul ýuwup, gaýnag suw bilen durlap, dezinfeksiýa edip bolýan sintetik plastik şýotkalardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň