17-nji ýanwarda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň Içeri işleri boýunça Döwlet ministri Şeýh Abdulaziz bin Faisal bin Mohammed Al Tani bilen duşuşygy boldy.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, duşuşykda özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hususan-da, taraplar konsullyk meselelerine degip geçdiler we migrasiýa ugry boýunça aragatnaşyk gurmagyň mümkinçiliklerine garadylar. Şeýle hem hukuk binýadyny giňeltmegiň maksadalaýyklygy bellenildi.