Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene şanly 80 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadag mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Aleksandr Wan der Bellene Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi we berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.