Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynda çopan goşuna baryp gördi

05:2213.01.2024
0
52851

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadag iş saparynyň dowamynda welaýatyň Murgap etrabynyň «Maldar» maldarçylyk hojalygynyň öri meýdanlaryna bardy.

HHM-niň habar bermegine görä, bu ýerde kärendeçi çopan M.Ataýew özüniň ogly hem-de agtygy bilen Türkmen halkynyň Milli Liderini mähirli garşyladylar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ykbalyny asylly işe baglan çopan bilen hal-ahwal soraşdy, olaryň alyp barýan işleri, dowarlaryň ýagdaýy bilen gyzyklandy.

M.Ataýew Türkmen halkynyň Milli Liderini özüniň çopan goşunda görmeginiň dowardarlar üçin uly mertebedigini nygtap, döwlet tarapyndan maldarlaryň işi, olaryň durmuşy barada yzygiderli alada edilýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine we Gahryman Arkadaga ähli dowardarlaryň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol bakýan sürüsinde 550-den gowrak dowaryň bardygyny, olaryň dok we talabalaýyk gyşladylýandygyny belledi.

Kärendeçi çopan özüniň 25 ýyldan bäri çopançylyk edýändigini, her ýylda dowarlardan sagdyn owlak-guzulary alýandygyny we şeýlelik bilen, maşgalanyň girdejileriniň artýandygyny aýtdy.

Kärendeçi çopan M.Ataýew çopan goşuna gelip, hal-ahwal soraşandygy, çopançylyk işi bilen gyzyklanandygy üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Çopanyň agtygy bolsa Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyny okap berdi.

Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow çopanlaryň alyp barýan işlerinde ýene-de bir ýola üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň