Top.Mail.Ru

Dünýäde iň idegsiz howly Tasmaniýada tapyldy

12:4111.01.2024
0
29627

Dünýäde iň idegsiz gazon boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijisi belli boldy, ol Tasmaniýanyň Sendford şäherindäki howly çemenzarlygy eken. Idegsiz çenemzarlyk onlarça ýurtdan bolan bäsdeşlerinden saýlanmagy başardy diýip, «MIR 24» ýazýar.

Bäsleşigi geçirmek pikir şäheriň häkimliginiň işgärlerinde ýöne ýere döremedi, sebäbi meşhur dynç alyş zolagynda suw üpjünçiliginde kynçylyklar ýüze çykdy, onsoň ýerli munisipalitet howludaky ösümlikleri suwarmakdan ýüz öwürmäge çagyrmak maksady bilen, ýaşaýjylaryň arasynda şeýle bäsleşigi yglan etdi.

Netijede, Gotlandda suwuň sarp edilişi 5 göterim azaldy.

Başlangyç barada habar beriş serişdelerinde köp ýazdylar, onuň bilen beýleki ýurtlarda-da gyzyklanyp başladylar.

Dünýäde iň idegsiz howlynyň eýesi Mýurreý öz çemenzarlygynda biodürlüligiň garyp däldigini gürrüň berýär. Bu ýere goňşy tebigat goraghanasyndan suwulgan, kenguru, wallabi we filanderler ýaly jandarlar häli-şindi gelýär diýip, ol aýdýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň