Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan 2023-nji ýylda 10 müň tonnadan gowrak banan import etdi

15:4908.01.2024
0
31640
Türkmenistan 2023-nji ýylda 10 müň tonnadan gowrak banan import etdi
Surat: newscentralasia.net

Türkmenistan 2023-nji ýylda 10 müň tonnadan gowrak banan import etdi. Bu barada «Biznes reklama» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen telekeçi Döwletgeldi Ballyýewiň makalasynda bellenilýär.

Makalada ýazlyşyna görä, Türkmenistanyň banan importy 2023-nji ýylda 10 müň 64,1 tonna deň boldy. Bu görkeziji ozalky ýyllarda, has takygy, 2017-nji ýylda 11 365,6 tonna, 2018-nji ýylda 11 müň 298,5 tonna, 2019-njy ýylda 9 müň 788,4 tonna, 2020-nji ýylda 9 müň 50,2 tonna, 2021-nji ýylda 6 müň 536 tonna, 2022-nji ýylda 11 müň 482,1 tonna barabar bolupdy. Awtoryň bellemegine görä, Türkmenistanyň bazarynda ýyllyk ortaça 10-11 müň tonna banan satyn alynýar.

«Munuň özi bolsa häzirki wagtda 90 — 100 gektar, bananyň sarp edilişiniň geljekde 15 müň tonna çenli artmagy bilen 115 — 120 gektar ýyladyşhanada ýetişdirilen banany diňe içerki bazarda ýerlemäge mümkinçiligiň bardygyny subut edýär» diýip, awtor belleýär.

Mundan başga-da, makalada Türkmenistanda bananyň 1500 — 2000 gektar ýyladyşhanadaky uly önümçiligini ýola goýup, ony Özbegistana, Gazagystanyň günorta we günbatar sebitlerine, Eýranyň bize golaý sebitlerine, Owganystana, Hazar deňziniň üsti bilen Azerbaýjana we Russiýa Federasiýasyna eksport etmäge uly mümkinçiligiň bardygy nygtalýar.

Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda «Ferhar» hojalyk jemgyýetine degişli 1 gektar, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda «Hemsaýa» hojalyk jemgyýetine degişli 5 gektar ýyladyşhanalarda banan ösüdirilip ýetişdirilýär. 2024-nji ýylda bolsa «Hemsaýa» hojalyk jemgyýetine degişli ýene bana önümçiligine niýetlenen 10 gektar ýyladyşhananyň işe başlamagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň