Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň käbir uniwersitetlerinde halkara olimpiadalar we ylmy-amaly maslahat geçiriler

09:1607.01.2024
0
34629

Şu ýylyň 3 - 8-nji martynda Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň arasynda IV Açyk halkara matematika olimpiadasyny, 15 - 20-nji aprelinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde talyplaryň arasynda II Açyk halkara informatika olimpiadasyny hem-de 19-njy aprelde bu ýokary okuw mekdebinde informatika dersi boýunça meýilleşdirilýän bäsleşigiň çäklerinde "Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary" atly halkara ylmy-amaly maslahaty we sergini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu halkara olimpiadalarda ýeňiji bolan talyplary dürli derejeli medallar we diplomlar bilen sylaglamak göz öňünde tutulýar.

"Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün - 6-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Amannepesowyň 2024-nji ýylyň mart-aprel aýlarynda ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary, ylmy-amaly maslahaty we sergini geçirmek meseleleri baradaky hasabatynda aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, "Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 - 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda", şeýle hem bilim ulgamy boýunça kabul edilen konsepsiýalarda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýylynda ýurtda geçirilmegi meýilleşdirilýän şeýle halkara olimpiadalaryň çäklerinde daşary ýurtly talyplar Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlar üçin döredilýän döwrebap şertler hem-de bilim işiniň guralyşy bilen ýakyndan tanyşdyrylar. Şeýle-de Aşgabadyň gözel ýerlerine gezelençler guralar.

Döwlet Baştutanynyň tabşyryklaryna laýyklykda hem-de halkara bäsleşikleri ýokary derejede geçirmek babatda toplanylan tejribä daýanyp, geçiriljek olimpiadalara türkmen talyplary bilen bir hatarda Russiýa Federasiýasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Hindistanyň, Türkiýäniň, Belarusuň, Italiýanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň, şeýle hem beýleki birnäçe döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem işjeň gatnaşmaklaryna garaşylýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýaşlaryň ylymly-bilimli, sagdyn we giň düşünjeli bolup ýetişmekleri ugrunda uly işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.

Döwlet Baştutany ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary, ylmy-amaly maslahaty we sergini geçirmek meselesini hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny nygtap, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň