Türkmenistanyň paýtagtynda 7 — 9-njy ýanwar aralygynda Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň sanawyna girizilmegi mynasybetli türkmen milli zenan lybaslarynyň moda görkezilişi geçiriler.
Bu çäreler ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň we şäher häkimliginiň goldaw bermeginde Aşgabatdaky Modalar öýünde geçiriler.
Görkezilişlere «Mähirli Zenan», «Nur Ýüpek» hem-de «Peýker» ýaly meşhur modalar öýleri, şeýle hem Aşgabadyň Modalar öýüniň modelleri gatnaşýarlar.
Moda görkezilişleriniň çäklerinde türkmen milli öýmeleriniň, «keteni» milli dokma önümleriniň we türkmen keşdesiniň, haly we haly önümleriniň sergisi guralar. «Dizaýn plýus» döredijilik birleşigine gatnaşyjylar öz önümlerini hödürlärler.
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň habarlar gullugy moda forumynyň aýdym-sazly dabaralara beslenjekdigini habar berýär.
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna (UCCN) geçen ýylyň noýabr aýynda girizilendigini ýatladýarys. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat medeni pudagyň ösüşine goldaw bermek üçin hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýän dünýäniň beýleki 54 şäheri bilen birlikde UCCN-iň bir bölegine öwrüldi.